Gurluşyk tehnikasy

Tehnikalar köp ugurlarda giňden peýdalanylýar – bular ýollaryň, binalaryň we desgalaryň gurluşygy, täze aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek we beýleki ugurlar.

Biziň kompaniýamyz, 2020-nji ýyldan bäri dürli ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjün etmek hyzmatlarany hödürleýär, şol gysga döwrüň içinde biz uly tejribe gazandyk we ýöriteleşdirilen ýokary hilli  hem-de döwrebap tehnikalara eýe bolduk.

Hususy abatlaýyş ussahanalary we ýerinde hyzmat edýän toparymyz, näsazlyk ýüze çykan halatynda tehnikalary çalyşmak, başarnykly we jogapkärli işgärler biziň kompaniýamyz barada diňe oňyn täsirler galdyrar.

Hil barlagy

“Gerçek Ýigit” hususy kärhanasynyň köp sanly gurluşyk we beýleki işleri ýerine ýetirmek üçin ýokary öndürijilikli tehnikalary bar.

Hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýäris we hilini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli işleýäris. Ähli işler häzirki zaman tehnikalarda, başarjaň we tejribeli hünärmenler tarapyndan alnyp barylýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda işleriň üstünlikli alnyp barylmagy, bize ýokary tejribe gazandyrdy. Muňa biz barada biziň müşderilerimiziň berýän bahalary şaýatlyk edýär.

Ähli ugurlar boýunça artykmaçlyk

Işgärlerimiziň ussatlygy üstümize alan borçnamalarymyzy  gysga wagtyň içinde we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Biziň işimiziň esasy görkezijisi diňe hilimiz bolup durman, sargytçymyzyň tabşyrygyny gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmek bolup durýar. Hünärmenlerimiz, müşderi tarapyndan kesgitlenen islendik meselä aýratyn çemeleşerýärler.

Müşderiler biziň kompaniýamyzy bäsdeşlerimizden artykmaçlygymyz üçin saýlaýarlar:

  • Dürli tehnikalaryň köp görnüşliligi;
  • Ökde hünärli sürüjiler;
  • Işiň çylşyrymlylygyna garamazdan hil kepilligi;
  • Biz öz müşderilerimize ýokary sarpa goýýarys – biz gijämizi gündiz edip işleýäris;
  • Biz beýleki kompaniýalar we şahsy taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Gurat tehnikalar

Kompaniýanyň ulaglarynyň gündelik tehniki gözegçiligini geçirýän ýokary hünärli ussalar zähmet çekýär. Ähli tehnikalar we ulaglar işe başlamazdan ozal düýpli barlagdan geçirilýär, bu öz gezeginde köpçülikleýin ýollarda we gurluşyk meýdançasynda howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary derejeli hünärmenler

Ýörite enjamlara gözegçilik, şol sanda uly göwrümli enjamlary dolandyrmak we gözegçilik etmek üçin işgärleriň ukyp başarnygyny we talaba laýyklygyny seljerme işleri ökde operatorlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Hünärmenler köp ýyllyk tejribe, bilim we hünär ussatlygyna eýe bolup, müşderiler tarapyndan kesgitlenen wezipeleri, talaplary we ülňüleri ýerine ýetirmekde bilelikde mümkin bolan iň ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Tehnikalaryň uly awtoparky

Ulaglarymyzda dürli görnüşli iş we hyzmatlary ýerine ýetirip bilýän 20-den gowrak ýörite tehnika bar. Olar şu aşakdaky ulaglary öz içine alýar:

  • Zynjyrly ekskawatorlary
  • Ýükleýji ekskawatorlar
  • Awtokranlar
  • Tigirli ekskawatorlary
  • Gidroowradyjy hyzmatlary
  • Tekizlemek hyzmatlary
  • Uly göwrümli bolmadyk ýükleri daşamak.

Galereýa