«Gerçek ýigidiň» täze sehinde
Garaşsyzlyk baýramynyň toýlanýan günlerinde halk hojalygynyň ähli pudagynda gazanylýan üstünlikler, öňe ilerleýän ösüşler toý sowgady bolup ildeşlerimizi begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris» diýen sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň öndürijilikli zähmeti netijesinde harytlaryň görnüşleri günsaýyn artyp, önümçiligiň gerimi barha giňeýär. Olar şanly baýramy zähmet ýeňişleri bilen has-da şöhratlandyrýarlar. Güneşli Diýarymyzyň öňdebaryjy döwlet we hususy kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň netijesinde gazanylýan oňyn netijeler belent sepgitleri nazarlaýar. Muny «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň ýakynda Mary şäherinde öz işine başlan nah ýüplük öndürýän täze sehiniň mysalynda hem aýtmak bolar.
2022-nji ýyldan bäri kärhanada öndürilýän dokma önümleriniň dünýä ülňülerine laýykdygyny bellemek ýakymlydyr. Kärhanada ýapynjalaryň, çalgyçlaryň, jins we nah matalarynyň dürli görnüşlerini öndürmek işi hem barha ýaýbaňlanýar. Göze ýakymly, owadan bezegleri bolan dokma önümleri alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Häzirki wagtda kärhanada öndürilýän önümler Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.
—Ýakynda öz işine başlan nah ýüplük öndürýän täze sehiň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň giňden toýlanýan günlerinde baýramçylyk sowgady boldy. Şonuň ýalyda täze sehiň açylmagy ruhubelent ýaşlaryň 120-siniň iş bilen üpjün bolmagyna getirer, onuň netijesinde kärhanada işçileriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Şolaryň köpüsiniň ýaşlardygyny aýtmak has-da guwandyryjydyr. Bu ýerde işler üç çalşykda alnyp barylar. Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Türkiýäniň enjamlary bilen üpjün edilen seh günde 10 tonna golaý ýüplük öndürmäge niýetlenen. Täze sehiň önümleri diňe bir ýurdumyzyň dürli künjeklerine däl, eýsem, daşary ýurtlara-da eksport ediler. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere bildirýän uly ynamy bizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Geljekde eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmegi maksat edinýäris — diýip, kärhananyň baş direktorynyň maliýe we ykdysadyýet işleri boýunça orunbasary Ýaşlyk Bäşimow öz ýürek buýsanjyny beýan etdi. Ol ýurdumyzyň telekeçilerini ähli babatda goldap, giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirip, ähli işgärleriň adyndan çäksiz alkyşlaryny aýtdy.
Hawa, ruhubelent ýaş hünärmenler Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda uly güýç bilen täze işe başlarlar. Olaryň kalbyndan çykýan buýsançly sözleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda telekeçilige uly üns berilýändigini görkezýär. Nesip bolsa, täze açylan nah ýüplük öndürýän sehiň ýokary hilli önümleri dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň hataryna girer.