2025-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ýaşaýjylary täze obalara göçdüler.
“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, Ak bugdaý etrabyndaky döwrebap Döwletli mekan we Kaka etrabyndaky Bagtly zamana obalaryna göçen 400 maşgala jaý toýuny tutdy.
Ýokary derejeli infrastrukturaly ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, täze obalarda 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, saglyk merkezleri we söwda merkezleri bar.
Täze obalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginiň çäginde guruldy we ulanmaga berildi.
Habarlara dolan2025-nji ýylda 400 türkmen maşgalasy täze obalara göçdi
2025-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ýaşaýjylary täze obalara göçdüler.
