Ösüşlerden ösüşlere beslenip, öňe barýan ýurdumyzda dokma senagatynyň hem täzeçil usuldaky sazlaşykly ösüşi gazanylýar. Bu pudakda hereket edýän kärhanalaryň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagynda, ykdysady taýdan bähbitli täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmeginde, ylmy-tehniki we işgärler mümkinçilikleriniň berkidilmeginde, önümleriň mahabat işiniň kämilleşdirilmeginde hususy ulgamyň wekilleriniň hem mynasyp paýy bar. Munuň özi milli dokma önümlerimiziň içerki hem-de daşarky bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
«Gerçek ýigit» hususy kärhanasy hem halkymyzyň sarp edýän hyrydarly dokma önümlerini öndürmekde abraý gazanan kärhanalarymyzyň biridir. Bu kärhanada 450 hünärmeniň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde, gündelik durmuşymyzyň möhüm bölegine öwrülen dokma önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Kärhananyň dizaýnerleri tarapyndan ilatyň islegleri nazara alnyp, çalgyçlaryň, ýapynjalaryň, atynjalaryň we nah matalaryň dürli görnüşi dürli ölçeglerde taýýarlanylýar. Hususy kärhanada öndürilýän hyrydarly harytlaryň hatarynda
80×130 sm ölçegdäki namazlyklar hem bar. Mysal getirip aýdanymyzda, kärhanada öndürilýän 35×40 sm, 35×75 sm, 65×140 sm, 40×95 sm, 140×212 sm, 140×120 sm, 130×212 sm, 130×120 sm we başga-da dürli ölçegdäki žakkard usulynda dokalan sütükli çalgyçlardyr ýapynjalar gözüňi alyp barýan reňkleri we ynsan bedenine ýakymlylygy, ýagny 100 göterim pagta süýüminden dokalandygy bilen alyjylaryň uly islegine eýe bolýarlar.
Ýeri gelende bellesek, kärhanada öndürilýän ähli dokma önümleri arassa pagtadan dokalyp, olaryň bahalary hem juda amatlydyr. Bu aýratynlyklary olaryň geçginliligini has-da artdyryp, olara bolan yzygiderli islegiň ýokarlanmagyna täsir edýär. Ýerli sarp edijiler elýeterli nyrhlardan ýokary hilli, saglyga peýdaly dokma önümlerini sarp etmek hem-de sowgatlyk maksady bilen, ýa bolmasa, toý paýy hökmünde paýlamak
üçin höwes bilen satyn alýarlar.
Halk arasynda giňden tanalýan «Millenium», «Bordado» we «Ýyldyz» haryt nyşanly erkek, zenan we çaga joraplaryny öndürýän önümhana hem «Gerçek ýigit» hususy kärhanasyna degişlidir. Dürli reňkdäki we dürli ölçegdäki joraplar hem tene ýakymlylygy bilen sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp ösdürmek baradaky maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, «Gerçek ýigit» hususy kärhanasynyň hem resmi web saýty hereket edýär. www.gercekyigit.com.tm saýtynda kärhana tarapyndan alnyp barylýan işler, öndürilýän önümler barada giňişleýin maglumatlar üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde ýerleşdirilipdir. Munuň özi gyzyklanýan taraplara her bir önümiň görnüşi, dokalyş usuly, eriş we argaç ýüplükleriniň belgisi, dykyzlygy, düzümi, şeýle hem bahasy baradaky maglumatlar bilen tanyşmak, olaryň suratlaryny görmek mümkinçiligini döredýär. Isleg bildirýänlere şu saýtyň kömegi arkaly kärhananyň bölümleri bilen habarlaşmaga ähli şertler döredilen. Bularyň ählisi kärhanada işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Umuman, hususy kärhana tarapyndan öndürilýän harytlar birnäçe artykmaçlyklary — berkligi, daşky täsirlere çydamlylygy, ynsan bedenine ýakymlylygy, gigiýena talaplara laýyklygy, estetik taýdan gözelligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olaryň hyrydarlary barha artýar.