“Gerçek Ýigit” Hususy kärhanasy
“Gerçek ýigit” hususy kärhanasy (Türkmenistan, Aşgabat) 2020-nji ýylda döredildi, emma gysga wagtyň içinde birnäçe taslamalary amala aşyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz goşandyny goşdy. Hususy kärhananyň iş ugurlary şu aşakdakylardan ybarat:
- Dokmaçylyk ugry: nah ýüplük önümçiligi, nah mata önümçiligi, sütükli önümler önümçiligi, dürli görnüşli ýapynjalar önümçiligi;
- Logistika ugry: müşderileriň sargytlary boýunça dürli görnüşli ýükleri daşamak hyzmaty.
“Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň Mary şahamçasynda dokma önümçiligi ýola goýlan. Kärhanada 500-den gowrak işgär zähmet çekýär. Fabrikde her ýylda ortaça 3000 tonna dürli ölçegdäki nah ýüplükler, 760000 idm. nah ýapynjalar, 80 tonna taýýar sütükli önümler, 300000 idm. nah mata, 60000 idm. ýüň ýapynjalar öndürilýär. Öndürilýän önümler Türkiýe, Gazagystana, Hytaý Halk Respublikasyna we beýleki döwletlere eksport edilýär. Munuň özi “Türkmenistanda öndürilen” belgili ýerli dokma önümlerimiziň bäsleşige ukyplydygyny görkezýär. Hususy kärhananyň ortaça ýyllyk dolanşygy 57 million manada barabar. 2024-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen döwrebap dokma enjamlarynyň 20 sany satyn alyp, işe girizmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, matalaryň önümçiligini 2 esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hususy kärhanada ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça iş tejribesi bolan, başarnykly we gujurly hünärmenler zähmet çekýärler. Bu agzybir hünärmenleriň kömegi bilen, biziň kärhanamyz öz işinde uly üstünlikleri gazanýar.
